Turkmenportal logo
04.04.22
54485448
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» Jidda şäherine bardy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň wise-çempiony «Ahal» futbol topary şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň «C» toparçasynyň duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Jidda şäherine bardy. Bu barada «Türkmen Sport» habar berdi.


Yklym ýaryşyna gatnaşmak üçin 2-nji aprelde Türkmenistandan ýola düşen «Ahal» futbol topary Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinden Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine bardy.


Bu ýerde «Ahal» bir günlük düşledi, şol günüň dowamynda toparyň tälimçiler düzümi futbolçylar bilen nobatdaky türgenleşikleri geçirdiler.


«Ahal» yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 7-nji aprelde BAE-niň «Şabab Al-Ahli» topary bilen geçirer.