Turkmenportal logo
29.03.22
81728172
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Katar ― 2022: dünýä çempionatyna Aziýadan bäşinji ýollanma üçin BAE-niň we Awstraliýanyň ýygyndylary göreşer

Şu ýylyň noýabr ― dekabr aýlarynda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça saýlama tapgyrlarynda diňe BAE-niň we Awstraliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky saýlama oýun galdy.


Saýlama bölegiň 10-njy tapgyrynda BAE-niň ýygyndysy Koreýa Respublikasyny kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, ýygyndy üçünji saýlama tapgyrynyň «A» toparçasyny üçünji orunda tamamlady. «B» toparçada bolsa Awstraliýanyň ýygyndysynyň üçünji orundaky ýerini geçen tapgyrlarda berkidip goýandygyny habar beripdik.


7-nji iýunda boljak BAE ― Awstraliýa duşuşygynyň ýeňijisi dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 13-nji ýa 14-nji iýunda KONMEBOL-da (Günorta Amerika) bäşinji orny eýelän ýygyndy bilen duşuşar.


BAE-niň ýygyndysy heniz bir gezek hem dünýä çempionatyna gatnaşyp görmedi. Awstraliýalylar bolsa mundialyň taryhynda bäş gezek oňa gatnaşdylar. Ýaşyl yklymyň wekilleri 2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen dünýä çempionynyň 1/8 finalyna hem çykmagy başarypdylar.