Turkmenportal logo
28.03.22
84118411
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gylyçlaşmak sportunyň muşdaklary türgenleşiklere çagyrylýar

Türkmenistanyň Gylyçlaşmak federasiýasy sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýanlary türgenleşige çagyrýar. Türgenleşiklere 7 ýaşdan ýokary çagalar we ulular gatnaşyp biler.


Bu federasiýanyň türgenleri Türkmenistanyň we halkara ýaryşlaryň birnäçe gezek çempionlarydyr.


Käbir mysallara ýüzlensek, 2016-njy ýylda balkanly türgen Meňli Goýunlyýewa Bahreýnde geçirilen halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy. 2017-nji ýylda bolsa Jumanazar Döwletnazarow Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi.


Şol ýaryşda Türkmenistanyň topary toparlaýyn hasapda hem üçünji orny eýeledi. 2017 ― 2018-nji ýyllarda ýurdumyzyň türgenleri Aziýa we dünýä derejeli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler.


Türkmenistanyň Gylyçlaşmak federasiýasy Olimpiýa şäherçesindäki Köpugurly sport toplumynda ýerleşýär.


Habarlaşmak üçin: +99364467803 (tälimçi Jumanazar Döwletnazarow).