Turkmenportal logo
16.03.22
67136713
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Ante Mişe Kuweýtde ýene bir baýraga mynasyp boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe topary bilen Kuweýt Şazadasynyň kubogyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, ol häzirki wagtda «Al-Arabi» toparyna tälim berýär.


«Al-Arabi» «Kuweýt SC» toparyndan penaltilerden soň üstün çykdy — 5:4. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.


Fewral aýynda «Al-Arabi» toparynyň Kuweýtiň Naýbaşy kubogyna hem eýe bolandygyny ýatladýarys.