Turkmenportal logo
15.03.22
44624462
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Fulad» ispaniýaly hüjümçi Ibaý Gomes bilen şertnama baglaşdy

Eýranyň «Fulad» futbol kluby ispaniýaly hüjümçi Ibaý Gomes bilen şertnama baglaşdy. Bu barada «Tehran Times» neşiri ýazýar.


32 ýaşly hüjümçi dokuz möwsümläp Ispaniýanyň «Atletik» klubynda (2010 ― 2016 we 2019 ― 2021) çykyş etdi. «Atletik» futbolçynyň topardan aýrylýandygyny 2021-nji ýylyň iýunynda habar beripdi. Taraplar özara ylalşyk esasynda şertnamany ýatyrdylar


Şeýle hem Gomes 2004 ― 2009-njy ýyllaryň aralygynda «Santuç», 2009 ― 2010-njy ýyllarda «Sestao Riwer», 2010 ― 2012-nji ýyllarda kärendesine «Atletik Bilbao» we 2016 ― 2019-njy ýyllarda «Alawes» toparlarynda çykyş etdi.


Ol karýerasyndaky ähli ýaryşlarda 282 duşuşyk geçirdi we şolarda 34 pökgini adyna ýazdyrdy.


«Fuladyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Ahalyň» bäsdeşidigini ýatladýarys.