Turkmenportal logo
05.03.2022
62106210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rahat Japarow «Abdyş-Atadaky» ilkinji duşuşygynda derwezesinden pökgi geçirtmedi

«Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynda «Kara-Baltany» uly hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk 5:0 hasabynda tamamlandy.


Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow «Abdyş-Atanyň» esasy düzüminde meýdana çykdy. Netijeden hem görnüşi ýaly, ol täze möwsümdäki ilkinji duşuşygynda goraýan derwezesinden ýekeje pökgi hem geçirtmedi.


Biziň ildeşimiziň bu topara şu ýylyň ýanwar aýynda Duşenbäniň SSKA-syndan goşulandygyny ýatladýarys. Rahat Japarow häzirki toparynda 2020-nji ýylda hem çykyş edipdi.

Rahat Japarow «Abdyş-Atadaky» ilkinji duşuşygynda derwezesinden pökgi geçirtmedi | Turkmenportal.com