Turkmenportal logo
24.02.2022
54185418
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bangladeşiň futbol ýygyndysy martda Maldiwleriň we Mongoliýanyň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

Bangladeşiň futbol boýunça milli ýygyndysy mart aýynda Maldiwleriň we Mongoliýanyň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer ― diýip, The Daily Star ýazýar.


Ilkinji duşuşyk 24-nji martda Maldiwleriň, ikinjisi 29-njy martda Mongoliýanyň ýygyndysy bilen bolar. Duşuşyklaryň ilkinjisini Maldiwlerde geçirjek bangladeşli futbolçylar Mongoliýanyň ýygyndysyny öz ýurdunda ― Silhet şäherinde kabul eder.


Bangladeşiň futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen «E» toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.


Ýeri gelende aýtsak, Bangladeşiň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 186-njy orny eýeleýär. Milli ýygynda şu ýylyň başyndan ispaniýaly hünärmen Hawýer Kabrera tälim berip başlady.