Turkmenportal logo
14.02.2022
44904490
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-da serhede robot itler tarapyndan gözegçilik ediler

ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministrligi Meksika bilen bilelikde serhede gözegçilik etmek üçin robot itleri ýerleşdirer. «Ghost Robotics» tarapyndan döredilen bu enjam adamlara howp salmazlyk maksady bilen, kyn ýerlerde ulanylar.


Arka tarapynda ýarag ýerleşdirilen robot itleriň ozal hödürlenen görnüşi diňe bir tekiz ýerlerden geçmäge däl-de, eýsem, basgançakly ýerlerden aşak düşmäge hem ukyplydyr. Robotlara oturdylan wideokameralar şekilleri hakyky wagtda geçirmäge we operatora roboty uzakdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Garawullyk wezipesinde robot itler ilkinji synagy geçirdiler we netijeliligini görkezdiler. Goşmaça synaglaryň dowamynda döredijiler batareýanyň ömrüni we ýeriň robotlaryň çydamlylygyna edýän täsirini kesgitlemegi meýilleşdirýärler.

ABŞ-da serhede robot itler tarapyndan gözegçilik ediler | Turkmenportal.com