Turkmenportal logo
11.02.22
68846884
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanyň futbol çempionatynda 10 topar ýaryşar

Şu ýyldan başlap, Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasyndaky toparlaryň sany 10-a çykar. Bu barada Sport.kg habar berdi.


Umuman, täze möwsümde «Neftçi», «Abdyş-Ata», «Alaý», «Kaganat», «Alga», «Dordoý», «Ilbirs», «Kara-Balta» toparlaryndan başga-da, çempionata täze wekilleriň ikisi «Talant» bilen «Nur-Batken» goşular.


Geçen ýyl «Dordoýyň» çempionlygy bilen tamamlanan möwsümde 8 toparyň ýaryşandygyny ýatladýarys. Gyrgyz çempionatynyň şu möwsüminde «Abdyş-Atanyň» derwezesini türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow gorar.