Turkmenportal logo
07.02.22
12161216
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wise-premýer Raşid Meredow Koreýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şin Sung-Çul bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berilýär.


Koreýaly diplomat bilen geçirilen duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar.


Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy hem-de bu günki günde gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibi mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar.


Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ýokary derejede hem işjeň ösdürilýändigini belläp geçdiler.


Diplomatlar duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmeginiň zerurlygyny bellediler.
«Turkmenportal.com» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl boldy.



Şeýle-de okaň!