Turkmenportal logo
03.02.22
1574415744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türk Howaýollary Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrdy

Türk awiakompaniýasy şu gün Türkmenbaşydan Stambula TK 4919 ýörite uçuşyny amala aşyrdy.


Onlaýn-tablonyň habar bermegine görä, «Airbus A330-343» uçary ýerli wagt bilen 22:25-de Stambul halka howa menziliniň C terminalyna gonar.


2022-nji ýylda Türk Howaýollary 4-nji we 9-njy ýanwarda Türkmenistandan Türkiýä iki sany ýörite uçuşy amala aşyrdy.


Belläp geçsek, dünýäde ýüze çykan güýçli pandemiýa sebäpli Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylypdy.



Şeýle-de okaň!