Turkmenportal logo
20.11.21
1126111261
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Kaýrat» Gazgystanyň kubogynyň finalyna çykdy

Almatynyň türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew tarapyndan tälim berilýän «Kaýrat» futbol topary Gazagystanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda ýeňiji bolup, ýaryşyň finalyna çykdy. «Kaýrat» ýarym finalda «Astanadan» üstün çykdy.


Öýde-myhmançylykda görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň ikisi hem «Kaýratyň» 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Umumy hasapda 6:0-luk ýeňiş gazanan «Kaýrat» finalda «Tobol» ― «Şahtýor» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk «Şahtýoryň» 5:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Gurban Berdiýewiň şu ýylyň awgust aýyndan bäri «Kaýratyň» baş tälimçisi bolup işleýändigini ýatladýarys.