Turkmenportal logo
31.10.2021
90629062
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tatarystanyň Prezidenti türkmen alabaýy bilen düşen wideosyny köpçülige ýetirdi

Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow özüniň Instagram sahypasynda türkmen alabaý iti “Akdus” bilen düşen täze wideosyny ýerleşdirdi.


Wideoda ýetişen alabaý güjügi “Akdus” ilki ylgaýar, soňra ýapraklary ýaýradýar we olaryň içinde oýnaýar.


Bu alabaý güjügini şu ýylyň ýazynda Tatarystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sowgat beripdi.


Minnihanow alabaýy “Akdus” diýip atlandyrdy, bu bolsa tatar dilinden terjime edilende “Ak dost” diýmegi aňladýar.