Turkmenportal logo
17.10.21
5611356113
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow Albrektsson bilen bolan tutluşyk hakynda pikir bildirdi

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Instagramdaky» şahsy hasabynda Karl Albrektsson bilen bolan tutluşygy barada ýazdy:


«Eminleriň näme karara gelendiginiň tapawudy ýok. Esasy zat tutluşygyň ajaýyp we ýokary derejede geçmegidir. Goldawyňyz üçin köp sag boluň! Bilelikde, has güýçli bolup dolanalyň!».


Biziň ildeşimiziň geçen hepde «Bellator 268-iň» çäginde şwesiýaly türgenden eminleriň gelen netijesi bilen asgyn gelendigini ýatladýarys.