Turkmenportal logo
16.10.21
3708937089
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow we Albrektsson Bellator 268 ýaryşyndaky tutluşykdan öň “nazarlaryň duelini” geçirdiler

Garyşyk söweş sungatynyň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow we şwesiýaly Karl Albrektsson ABŞ-da oktýabryň 16-syndan 17-sine geçilýän gije geçiriljek tutluşygyň öňüsyrasynda “nazarlaryň dueline” gatnaşdylar. Tutluşyk Arizona ştatynyň Finiks şäherindäki “Footprint Center” merkezinde bolar.


Bellator 268 ýaryşy Bellatoryň GDA döwletleri üçin aýratyn ýaýlymçysy bolan “Okko-da” ýaýlyma goýberiler. Deslapky tutluşyklar 17-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 5:00-da başlanar.


Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Döwletjan Ýagşymyradowyň (18-6-1) 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellatordan şertnama alandygyny ýatlap geçmek bolar. 32 ýaşly Ýagşymyradow garyşyk söweş sungatynda 25 tutluşyk geçirip, olaryň 18-sinde ýeňiş gazandy, 6 gezek ýeňlişe sezewar bolup, 1 gezek tutluşygy deňlik bilen tamamlady.


Karl Albrektsson (12-3-0) Bellator MMA we Rizin FF garyşyk söweş guramalarynyň ýaryşlaryna 2012-nji ýyldan bäri gatnaşyp, bu ugurda ussatlyk bilen çykyş edýär. Ilkinji tutluşygyny 2012-nji ýylyň 17-nji noýabrynda polýak Blazeý Nagorskiý bilen geçirip, ony tehniki nokaut bilen ýeňdi. 27 ýaşly türgen garyşyk söweş sungatyndaky ýoluny netijeli dowam edýär. Şwed türgeni soňky tutluşyklarynyň 3-sini ýeňiş bilen tamamlady. Aprel aýynda Albrektsson Fýodor Ýemelýanenkonyň toparynda türgenleşýän Wiktor Nemkowy eminleriň biragyzdan çykaran netijelerine laýyklykda ýeňmegi başardy. Soňky gezeginde bolsa ol Stokgolmda geçirilen “Superior Challenge 22”-de Wladimir Mişenkony tehniki nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi. Häzir Albrektsson Bellator-yň türgenleriniň arasynda ýarym agyr agram derejesinde iň güýçli 10 türgeniň hataryna girýär.