Turkmenportal logo
16.06.2021
2313223132
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasy açylyp, ulanylmaga berler

Türkmenabat şäherinde 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gurluşygy tamamlandy. Ol Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde açylyp, ulanylmaga berler.


Bu bina köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir. Şeýle binalar häzirki wagtda Balkanabat we Daşoguz şäherlerinde hem gurulýar.


Türkmenistanda mundan ozal «Türkmeniň ak öýi» binalary 2015-nji ýylda Mary welaýatynda, 2017-nji ýylda Ahal welaýatynda açylyp, ulanylmaga berildi.