Turkmenportal logo
14.06.2021
56525652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rumyniýa «Huawei» bilen bagly sanksiýalara goşulýar

Rumyniýanyň häkimiýetleri «Huawei» kompaniýasyny ýurdy 5G tizlikli Internet bilen üpjün edijileriň arasyndan aýyrdy.


«Ferra.ru»-nyň «Reuters» habar gullugyna salgylanyp habar berşi ýaly, bu ýagdaý dünýäniň iň uly telekommunikasiýa ägirtlerinden başga-da, Hytaýyň beýleki kompaniýalaryna-da täsir etdi. Gazetiň habaryna görä, bu karar daşary ýurt hökümeti tarapyndan dolandyrylýan we eýeçilik gurluşynda aç-açan bolmadyk kompaniýalary hasaba almazlyk maksady bilen baglanyşykly.


Telekommunikasiýa ülňüleri (5G / IMT-2020) esasynda işleýän 5G tehnologiýalary 4G-den has ýokary geçirijilik ukybyny üpjün eder.