Turkmenportal logo
07.06.2021
1204212042
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 18 million dollaryna golaýlady

Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýylda 17 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Kanadanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi habar berdi.


Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanadadan eden importy 5 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, olaryň 70,6%-ni önümçilik we tehnologiýa enjamlary hem-de ätiýaçlyk şaýlary eýeledi.


Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Kanada eden eksporty 12 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Eksport edilen harytlaryň 98%-ni önümçilikde ulanylýan esasy senagat himiýa we plastmassa önümleri düzdi.


Mälim bolşy ýaly, Kanada Hazar gaz hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň energiýa pudagyna gyzyklanma bildirýär. Bu pudaga 2021-nji ýylyň ýanwarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky “Dostluk” uglewodorod ýatagyny özleşdirmekde we işläp düzmekde bilelikdäki taslama boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilmegi esasynda gyzyklanma bildirilip başlandy.