Turkmenportal logo
04.06.21
1133611336
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Welotrek boýunça 2021-nji ýyldaky dünýä çempionaty Aşgabatdan başga şähere geçirildi

Halkara welosipedçiler birleşigi (UCI) Welotrek boýunça 2021-nji ýylda dünýä çempionatynyň geçiriljek täze şäherini kesgitlär. Öň, çempionaty 13-17-nji oktýabrda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýärdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


«Ýaryşlar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeler sebäpli guramaçylaryň haýyşy boýunça ýatyryldy» — diýlip, gurama habar berýär.


Häzirki wagtda UCI bellenilen senelerde ýaryşy geçirmek maksady bilen, mümkin bolan birnäçe ýurtlar bilen aragatnaşyk saklaýar.
Welotrek boýunça 2021-nji ýylyň dünýä çempionatynyň geçiriljek täze şäheri ýakyn günlerde mälim ediler diýip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň resmi maglumatynda aýdylýar.