Turkmenportal logo
25.05.21
2574525745
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda şu gün ilkinji doglan bäbejiklere Aşgabat we Merjen atlary dakyldy

«Türkmenportalyň» 25-nji maýda Aşgabatda ilkinji doglan oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adynyň dakyljakdygy barada ozal habar berşi ýaly, şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ilkinji doglan bäbejikler bellige alyndy.


Yslam we Selbi Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Ýazmuhammet we Aýna Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyzjagaz doguldy. Bäbejikleriň ata-eneleri oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen adyny dakdylar.


Bäbejikleriň ikisi hem bu maşgalalaryň birinji çagalarydyr.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bäbejikleriň saglygy kadaly. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Körpejeleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.


Şeýle-de okaň!