Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda aýgytlaýjy duşuşygyna 20-nji maýda çykar. Şol gün biziň ildeşlerimiz toparçanyň öňdebaryjysy «Nasaf» bilen duşuşar. Duşenbe şäherinde geçiriljek duşuşygyň şol gün sagat 17:00-da başlanmagyna garaşylýar.
Iki duşuşykda 4 utuk toplap bilen «Altyn asyr» häzir «F» toparçada ikinji orny eýeleýär. Iki duşuşygynda hem utuk ýitirmedik «Nasafda» bolsa 6 utuk bar. Şeýle hem yzda galan duşuşyklarda «Hujandyň» 1 utuk ýygnap, «Alaý» heniz utugynyň ýokdugyny ýatladýarys.
Şundan ugur alyp, 20-nji maýda «Nasaf» bilen boljak duşuşykda «Altyn asyry» diňe ýeňşiň kanagatlandyrýandygyny aýtmak gerek. Resmi ýaryşlarda ilkinji gezek «Altyn asyr» bilen duşuşyp görjek «Nasafy» bolsa deňlik hem kanagatlandyryp biler.
Gazanyljak ýeňiş Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerini sebitleýin finalda «Ahalyň» bäsdeşine öwrüp biler. Sebitleýin finalyň 11-nji we 25-nji awgustda geçiriljekdigini ýatladýarys.

