Turkmenportal logo
12.05.21
1071510715
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogy ― 2021: «Altyn asyr» Duşenbä bardy

Şu gün «Altyn asyr» futbol kluby Özbegistanyň üsti bilen uçar arkaly Täjigistana bardy. Bu ýerde türkmen futbolçylary 14 ― 20-nji maý aralygynda AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşar. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.


Ýurdumyzyň çempiony «F» toparçada Özbegistanyň «Nasaf», Täjigistanyň «Hujand», Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol toparlary bilen duşuşar. Ugurdaş «E» toparçada bolsa ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» Täjigistanyň «Rawşan», Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparlary bilen ýiti göreşe girer.


«F» we «E» toparçalarynyň ýeňijileriniň arasyndaky sebitleýin final şu ýylyň 11-nji we 25-nji awgustda bolar.


Aziýanyň ikinji derejeli ýaryşynyň ýeňijisiniň 26-njy noýabrda geçiriljek final duşuşygynda belli ediljekdigini ýatladýarys.