Turkmenportal logo
08.05.2021
71567156
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Sinopharm waksinasyny diňe gyssagly ýagdaýlarda ulanmagy maslahat berýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Hytaýyň «Sinopharm» kompaniýasy tarapyndan COVID-19-a garşy işlenip taýýarlanan waksinany diňe gyssagly ýagdaýda ulanmagy maslahat berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar. Sinopharm howpsuzlyk we netijelilik babatda BSGG tarapyndan tassyklanan altynjy waksinadyr.


BSGG-nyň maglumatlaryna görä, 18 ýaşdan uly adamlara waksinany üç-dört hepde aralygynda iki ölçegde kabul etmek maslahat berilýär. Waksina ähli ýaş toparlaryndaky adamlara 79 göterim täsir edýär.


Şeýle-de bolsa BSGG waksinanyň 60 ýaşdan uly adamlara täsiri baradaky maglumatlaryň ýetik dälligi üçin ony häzir ulanmagy maslahat bermeýär.