Turkmenportal logo
04.05.2021
61526152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.


Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.


Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.