Turkmenportal logo
19.04.2021
1138911389
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler.


Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.


Şeýle hem resminama laýyklykda, ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.