Turkmenportal logo
10.04.21
1079710797
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenilýär

16-njy we 19-njy aprelde Mary welaýatynyň Mary şäheriniň hem-de Baýramaly we Serhetabat etraplarynyň zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi bölümleri tarapyndan boş iş orunlaryny hödürlemek çäreleri geçiriler. Bu barada «Maru-Şahu Jahan» gazetinde habar berildi.


Neşirde çap edilen bildirişde hem görkezilişi ýaly, Baýramaly we Serhetabat etraplaryndaky çäre 16-njy, Mary şäherinde bolsa 19-njy aprelde geçiriler.


Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri baradaky doly maglumaty gazetiň 10-njy apreldäki sanyndan alyp bilersiňiz. Türkmenistanda çap edilýän neşirleriň www.tukrmenmetbugat.gov.tm hem-de www.metbugat.gov.tm saýtlarynda elektron görnüşde elýeterlidigini ýatladýarys.