Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň etraplarynda we Tejen şäherinde Milli maksatnamalara laýyklykda, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary (hassahanalar, saglyk öýleri, çagalar bagy, umumybilim berýän mekdepler), ilatly ýerleriň suw, lagym we elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny (köçeleri), suw we lagym arassalaýjylary gurmak, şeýle hem hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadanlaşdyrmak) we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bar bolan hem-de resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde çap edilen bildirişde aýdyldy.
Ähli isleg bildiren ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ýollap bilerler:
Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Ahal köçesiniň 4-nji jaýy (Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 137) 33-4-17, 33-5-40.
Faks: (+993 12) 57-43-27.

