Turkmenportal logo
29.01.2021
1277812778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda “Iş Nokady” koworking-merkeziniň agzalary üçin täze taslama başlaýar

Aşgabat “Iş Nokady” koworking-merkeziniň agzalary üçin “Altyn Kanun” hukuk firmasy tarapyndan Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegine goldaw bermek maksady bilen ýörite taslama başlaýar.


“Altyn Kanun” hukuk firmasynyň wekilleri täze başlan telekeçilere (“Iş Nokady” koworking-merkeziniň agzalary) Türkmenistanyň çäginde telekeçilik işini nädip başlamalydygy barada maslahat bererler.


Mundan ozal, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda “Altyn Kanunyň” hünärmenleri şuňa meňzeş taslamany durmuşa geçirdiler. Emma bu gezek taslama “Iş Nokady” koworking-merkezi bilen bilelikde amala aşyrylýar, şonuň üçin iş merkeziniň agzalary üçin telekeçilik işini gurnamak we ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikler açylýar.


Has giňişleýin maglumat üçin aşakdaky belgi bilen habarlaşyp bilersiňiz:


Tel. (+993 12) 46-81-65


E-poçta: coworking@nokat.biz