Turkmenportal logo
30.12.2020
1015910159
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2021-nji ýylda Balkan welaýatynda 13 ýyladyşhana gurlar

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habaryna görä, şu ýyl Balkan welaýatyndaky ýyladyşhanalaryň diňe üçüsi önümlerini daşary ýurtlara eksport eden bolsa, öňümizdäki ýylda olaryň sany birnäçe esse artar.


TSTB-niň agzalary deňiz ýakasyndaky şäherde geljek ýylda täze ýyladyşhanalaryň 13-sini gurarlar.


Häzirki wagtda döwlet tarapyndan täze ýyladyşhanalary gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berilýär.