Turkmenportal logo
30.12.2020
66696669
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň mejlislerinde we iş maslahatlarynda bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini çözmek babatda milli ykdysadyýetimiziň şu ulgamynyň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berilýär.


Žurnal ýurdumyzda bolup geçýän jemgyýetçilik-syýasy wakalardan hem çetde galmaýar. “Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslary pugtalanýar” atly nobatdaky makala milletiň Lideriniň başyny başlan, Türkmenistanyň parlamentini iki palataly ulgama geçirmäge gönükdirilen konstitusion özgertmelere bagyşlandy.


Žurnalda binagärlik, şähergurluşygy, strategik giňişligi meýilleşdirmek babatda esasy bilermenleri we hünärmenleri, häkimiýet edaralarynyň, ýurdumyzyň esasy taslama institutlarynyň wekillerini, alymlary, degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny öz sahypasynda birleşdirmek bilen, pudagyň halypa işgärleri we öňdebaryjylary barada hem buýsanç bilen söhbet açylýar.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň hormatyna halk hojalygynyň, şol sanda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň dürli düzümlerinde işde tapawutlanan işgärlere döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi. Olar barada “Göreldeli zähmete belent sarpa” diýen makalada gürrüň berilýär.


“Taslama” atly rubrikada Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmagyň inžener-geologiýa şertleriniň aýratynlyklary hakynda ylmy makala çap edildi. Bu makala gurluşyklaryň alnyp barylýan ýerinde geçirilen barlaglaryň netijelerini, şeýle hem Inženerçilik-seýsmometrik monitoring merkezini hem-de Desgalara geotehniki gözegçilik gullugyny döretmek boýunça teklipleri öz içine alýar.


“Şäheriň agşamky keşbi” atly makala okyjylarda uly gyzyklanma döretse gerek. Onda agşamyň düşmegi bilen binagärlik desgalary gözüňi gamaşdyrýan binalara çyra bezeginiň täze mümkinçilikleri ulanylan köçeleri we meýdançalary bolsa dür düzümine öwrülýän Aşgabadyň dürli reňkli keşbi barada söhbet açylýar.


“Türkmenistanyň gurluşyk senagaty sanly ykdysadyýete geçiş döwründe” atly synda gurluşyk pudagynda hem-de ýaşaýyş jemagat hojalygynda sanly özgertmeleri geçirmegiň tapgyrlary we ugurlary hakynda gürrüň berilýär.


“Innowasion ykdysadyýet döwründe «ýaşyl» gurluşyk” atly makala bu baradaky gürrüňiň, emma ekologiýa nukdaýnazaryndan, gürrüňiň dowamyna öwrülýär. “Ylym” bölüminde ýurdumyzyň hünärmenleriniň işläp taýýarlan möhüm işleri barada gürrüň berilýär. Onda gurluşyk materiallarynyň önümçilik tehnologiýasynda metallurgiýanyň galyndylaryny peýdalanmagyň usullary hakynda gürrüň berýän makala ýerleşdirildi. Şeýle hem žurnalda hünär bilimi, hususan-da, binagärlik-gurluşyk pudagy üçin işgärleri taýýarlamak meselelerine orun berildi, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öz syýasatynda bu ugra aýratyn üns berýär.


Neşiriň täze sanynda dünýä tejribesiniň mysalynda binalaryň hem-de desgalaryň seýsmiki durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek babatda barlag işlerine seredilýär.


Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän neşir halkara derejedäki maglumatlary alyşmaga, maýadarlaryň, buýrujylaryň, taslama düzüjileriň, gurluşykçylaryň, önüm öndürijileriň hem-de serişdeleri we enjamlary getirýänleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.