Turkmenportal logo
09.12.20
43934393
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda BMG-niň ÝUNISEF bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Aşgabatda BMG-niň ÝUNISEF bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara serginiň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň milli parlament hem-de ýurdumyzyň hukuk düzümleri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.


Hususan-da, Mejlisiň hem-de ÝUNISEF-niň gol çeken 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy çagalaryň hukugyny kanunçylyk taýdan, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyklykda, goldamak hem-de durmuşa geçirmek ýaly möhüm ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilendir.


Ýurdumyzyň bu ugurdaky binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalara goşulandygyny bellemek gerek. BMG-niň Çagalaryň hukuklary hakyndaky konwensiýasy tassyklanyldy. Ol raýat, ykdysady, medeni, durmuş hem-de syýasy meseleleriň giň toplumyny gurşap alýan ilkinji halkara resminamadyr.


ÝUNISEF-niň Içeri işler ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen gol çeken iş meýilnamalary çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak boýunça gatnaşyklary berkitmäge, şunuň ýaly-da, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.


BMG-niň Çagalar gaznasy bilen uzak möhletleýin hem-de üstünlikli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de parahatçylygyň we ynsanperwerligiň ýörelgelerine ygrarly daşary syýasy ugrunyň mizemezligini şöhratlandyrýar.


Geçen ýyllaryň dowamynda taraplar milli derejede öz netijeliligini görkezen maksatnamalaryň birnäçesini işläp düzdüler hem-de durmuşa geçirdiler. Türkmenistanyň hem-de ÝUNISEF-niň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hereket edýän hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde ýokary hilli bilimi üpjün etmek, çagalaryň howanyň üýtgemegi babatda habarlylygyny ýokarlandyrmak we beýlekiler boýunça oňyn netijeler gazanyldy.


Gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň hem-de ÝUNISEF-niň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt maksatnamasyna we çaganyň hukuklary boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereket etmegiň milli meýilnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi.