Turkmenportal logo
31.10.20
5061350613
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlaryny 2020-nji ýylyň ahyryna çenli çäklendirýär

«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýa Federasiýasyndaky wekilhanasy  COVID-19 pandemiýasy we ýolagçylaryň howpsuzlygy sebäpli türkmen awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlaryny 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli çäklendirýändigini habar berýär.


Uçuş petekleri 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär. Ýatyrylan uçuşlardan ýolagçylar bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin peteklerini çalşyp bilerler. Munuň üçin ýolagçylar uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly bolarlar ýa-da petek satyn alan ofisi bilen habarlaşyp bilerler.


Aşakdaky ugurlar boýunça ähli uçuşlar ýatyrylýar:


Aşgabat - Stambul - Aşgabat


Aşgabat - Moskwa - Aşgabat


Aşgabat - Sankt-Peterburg - Aşgabat


Aşgabat - Kazan - Aşgabat


Aşgabat - Minsk - Aşgabat


Aşgabat - Almata - Aşgabat


Aşgabat - Frankfurt we Maýn - Aşgabat


Aşgabat - Birmingem - Aşgabat


Aşgabat - Amritsar - Aşgabat


Aşgabat - Deli - Aşgabat


Aşgabat - Dubaý - Aşgabat


Aşgabat - Abu Dabi - Aşgabat


Aşgabat - Pekin - Aşgabat


Aşgabat - Bangkok - Aşgabat


Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň gaýdyp gelmegini guramak boýunça işlerini dowam etdirýär. Türkmenistan häzire çenli Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Özbegistandan, Hindistandan, Gazagystandan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan raýatlaryny ýörite uçar bilen alyp geldi.


Türkmenistan ýokançlygyň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleri görýär. Arassaçylyk we epidemiologiki gözegçilik işleri ähli serhetlerde, gümrük nokatlarynda alnyp barylýar. Ol ýerler ähli zerur bolan enjamlar bilen doly üpjün edildi. Bu ugrdaky alnyp barylýan işlere hökümet yzygiderli gözegçilik edýär.


Meňzeş habarlar:


Türkmenistanda otlularyň hereketi täze ýyla çenli togtadylýar


Türkmenistanyň metjitleri 1-nji dekabra çenli ýapyk durar


Migrasiýa gullugy biometriki pasport üçin arzanyň täze nusgasyny taýýarlady