Turkmenportal logo
13.09.20
1387913879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Şapolat atly bedewinde gezim etdi

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.


Milletiň Lideri Şapolat atly bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezim etdi.


Soňra döwlet Baştutany bedewi çapuw ýodasyna çykyp, ony öz erkine goýberdi. Şapolat gorgunlap barşyna aýaklaryny ýazdy. Bu görnüşler bedewiň seýsiniň ýetendiginiň nyşanydyr.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bedewler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.