Turkmenportal logo
26.06.2020
87488748
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kanada Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklara gyzyklanma bildirýär

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Kanadanyň Türkmenistandaky (edarasy Ankarada ýerleşýän) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşraf Hohar bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi ― diýip, TDH habar berdi.


Taraplar iki ýurduň ähli ugurlarda oňyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Hususan-da, syýasy-diplomatik ulgamda gatnaşyklaryň möhümligi we halkara derejesindäki wajyp meseleleri çözmekde garaýyşlaryň ýakynlygy bellenildi.


Koronawirus pandemiýasy zerarly dörän ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň COVID-19 keseline garşy durmaga ylym diplomatiýasynyň gurallaryny çekmek, şol sanda alym-lukmanlaryň halkara Geňeşini döretmek boýunça başlangyjynyň wajyplygy nygtaldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.


Türkmen-kanada gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bellenildi.


Gepleşikleriň ahyrynda Kanadanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşraf Hohar döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi üçin bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyny beýan etdi.