Turkmenportal logo
08.02.20
1841518415
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti täze wise-premýerleriň ikisini wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Şamuhammet Durdylyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.


Şeýle hem döwlet Baştutany Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmak baradaky Permana hem gol çekdi.