Turkmenportal logo
Şu gün 13:36
29392939
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy okyjylara «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň iýul aýyndaky sanyny hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň biliminiň we döredijilikli zähmetiniň ähmiýeti baradaky sözleri bilen açylýan neşirde döwletlilik, ylym we bilim, hünär saýlamak, milli miras, döredijilik we sagdyn durmuş ýörelgesi ýaly ugurlar boýunça dürli makalalar ýerleşdirildi.

Žurnalyň täze sanyny «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: döwletiň abadançylygy — halkymyzyň abadançylygydyr» atly makala açýar. Onda Halk Maslahatynyň milli agzybirligi pugtalandyrmakdaky orny we 23-nji sentýabrda geçiriljek umumymilli forumyň taýýarlygy barada gürrüň berilýär. Rus dilindäki makalada Arkadag şäheriniň ekodizaýn aýratynlyklary beýan edilýär. «Garaşsyzlyk — ösüşiň aýdyň ýoly» atly makalada bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri barada maglumat berilýär.

Neşirde türkmen talyplarynyň Italiýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Özbegistanda, Germaniýada we Koreýa Respublikasynda bilim alan döwürlerindäki halkara hyzmatdaşlyk tejribesi, şeýle hem «Awaza» syýahatçylyk zolagy barada maglumatlar ýerleşdirildi. Iňlis dilindäki «Ösüşiň sanly ugry» atly makala emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, 2026–2028-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasyna, Emeli aň boýunça milli strategiýa we «Sanly çözgüt — 2026» atly bäsleşige bagyşlanýar.

«Ýaşlar ylym dünýäsinde» sahypasynda Meýlis Orazjanowyň üzümiň ýerli sortlaryndan alynýan tebigy antioksidantlar baradaky, Altyn Juma­gylyjowanyň türkmen halk lukmançylygynyň taryhy baradaky, şeýle hem Täçmyrat Durdyýewiň alapakyr ösümliginden alynýan täze derman serişdesi baradaky ylmy barlaglary çap edildi. Aýratyn makalada ýaşlaryň zähmet şertlerine milli kanunçylygyň we halkara standartlaryň nukdaýnazaryndan seredilýär.

Žurnalyň edebi bölüminde Çingiz Aýtmatowyň «Özüňe berlen jogap» atly eseri, Gunça Diwangulyýewanyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew baradaky oçerki, şahyr Akmyrat Hoja­nyýazow bilen söhbetdeşlik, şeýle hem türkmen awtorlarynyň goşgulary we hekaýalary ýerleşdirildi. Neşirde reňkleriň adama täsiri, küşt, aşpezlik barada ylmy-köpçülikleýin makalalar hem-de keselleriň öňüni almak boýunça lukmançylyk maslahaty hem okyjylara hödürlenýär.

Žurnal türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýär. «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň elektron görnüşi abuna.yashlar.gov.tm salgysynda elýeterlidir.