Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.
11-nji awgustda bolan çärä türkmen diasporasynyň wekilleri, professor-mugallymlar, Täjigistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlar hem-de Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Çärä gatnaşyjylara Halk Maslahatynyň alyp barýan işi, onuň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy ulgamyndaky orny we döwlet ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemekdäki möhüm ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine aýratyn üns çekildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjy giňişleýin beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Maslahatyň ahyrynda medeni çäre geçirildi we onuň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň milli saz guraly bolan dutarda saz eserleri ýerine ýetirildi.