Türkmenistanyň wekilleri Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde penşenbe güni öz işini tamamlan Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) 2026-njy ýyldaky futbol tehnologiýalary boýunça maslahatyna gatnaşdylar.
Halkara maslahatynda ýurdumyza Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň tehniki direktory Röwşen Meredow we TFF-niň wekili Şöhrat Arjanow wekilçilik etdiler.
Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, Aziýa futbolyna innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga we tehnologik mümkinçilikleri ösdürmäge bagyşlanan çäre giň gerimi hem-de mazmunly maksatnamasy bilen tapawutlandy. Maslahata AFK-nyň agza futbol assosiasiýalarynyň, professional ligalaryň, FIFA-nyň, KONKAKAF-yň, AFK-nyň sebit assosiasiýalarynyň wekilleri, şeýle-de futbol tehnologiýalaryny üpjün edýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşdylar.
Üç günüň dowamynda maslahata gatnaşyjylar bu ugurdaky täze meýiller, sanly gurallaryň mümkinçilikleri we tehnologiýalaryň futbolyň meýdançada hem-de ondan daşarda ösmegine goşandy barada pikir alyşdylar.
Gatnaşyjylary mübärekläp, AFK-nyň Baş sekretary Dato Seri Windsor Jon tehnologiýalaryň häzirki zaman futbolynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, sanly gurallaryň mümkinçilikleriniň meýdançanyň çäginden has uzaklara ýaýrap, futbolyň ähli ugurlaryny özgerdýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, maslahatda geçirilen pikir alyşmalar futbolyň geljegini şekillendirer we Aziýanyň innowasiýalar babatda öňdebaryjy orunlarda galmagyna ýardam eder.
Maslahatyň ilkinji gününde gatnaşyjylara AFK-nyň ýaryşlary barada maglumat berildi we ýaryşlary guramak işine tehnologiýalary birleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem FIFA-nyň futbol önümleriniň hil maksatnamasy barada FIFA-nyň futbol tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk boýunça menejeri Tom Parkinson çykyş etdi. Pudagyň öňdebaryjy hyzmatdaşlary ýaryşlary guramak, oýunçylaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, eminlik, göni ýaýlymlary taýýarlamak we oýny seljermek üçin niýetlenen tehnologiýa çözgütlerini görkezdiler.
Maslahatyň ikinji gününde 2026-njy ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty esasy üns merkezinde boldy. Ol täze tehnologik işläp taýýarlamalary seljermek üçin nusga hökmünde görkezildi. Gatnaşyjylar görkezme çäreleriniň dowamynda wideokömek ulgamy (Football Video Support), taktiki kameralar we eminleriň döş kameralary bilen hem tanyşdylar.
Maslahat AFK-nyň, FIFA-nyň we KONKAKAF-yň bilermenleriniň gatnaşmagyndaky panel pikir alyşmasy bilen tamamlandy. Onda futbol ulgamynda tehnologiýalaryň orny, konfederasiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti we dünýä futbolynyň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.