Turkmenportal logo
Şu gün 15:29
43814381
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň wekili CAFA-nyň Oýun komissarlary üçin geçiren okuw-seminaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň (TFF) wekili Azat Annaorazow Täjigistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy (CAFA) tarapyndan geçirilen Oýun komissarlary üçin niýetlenen iki günlük okuw-seminaryna gatnaşdy. Bu barada TFF-niň metbugat gullugy habar berdi.

Çärä CAFA-nyň agza assosiasiýalarynyň ählisinden hünärmenler gatnaşdy. Seminaryň esasy maksady sebitde geçirilýän futbol duşuşyklarynyň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmak we ýokary hünär derejesine eýe bolan  Oýun komissarlaryny taýýarlamakdan ybarat boldy.

Okuw maksatnamasyny FIFA-nyň we Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) resmi Oýun komissary Kemal Tokabaýew, şeýle-de CAFA-nyň halkara derejeli bilermenleri geçirdiler.

Bellenilişi ýaly, seminaryň maksatnamasy nazary we amaly bölümlerden ybarat boldy. Gatnaşyjylar Oýun komissarlarynyň wezipesini we jogapkärçiliklerini, ýaryşlaryň düzgünlerini, duşuşyga taýýarlyk görmek we ony guramak meselelerini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işleşmegi we marketingi, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny we hukuklaryny goramagy, stadionlaryň barlagyny, howpsuzlygy üpjün etmegi, FIFA-nyň ýaryşlary dolandyrmak ulgamyny (FCMS), hasabatlary taýýarlamagy öwrendiler. Şeýle hem toparlaýyn pikir alyşmalaryň çäklerinde dürli amaly ýagdaýlara seredildi.

Türkmenistanyň futbol federasiýasynda bellenilişine görä, CAFA sebitdäki futbol hünärmenleriniň bilimlerini we hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet bermegini dowam etdirýär. Bu bolsa Merkezi Aziýada geçirilýän futbol oýunlarynyň we ýaryşlarynyň FIFA-nyň hem-de AFK-nyň halkara standartlaryna doly laýyk gelmegine ýardam berýär.