Turkmenportal logo
Şu gün 15:10
57105710
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen agyr atletikaçysy Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmen agyr atletikaçysy Atabek Azamatow Daşkentde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýetginjekleriň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.

Iki görnüşiň jemi boýunça türkmen türgeni 245 kilogram netije görkezip, ýaryşyň ýeňijisi — 260 kilogram agyrlygy eýgeren filippinli Jerik Aýkon Kastrodan soňra hormat münberiniň ikinji basgançagyndan orun aldy. Bürünç medaly hem 243 kilogram netije bilen filippinli türgen Kirbi Kent Alas-As eýeledi.

Ştangany silterläp götermekde A.Azamatow 113 kilogramy göterip, ikinji orny eýeledi we kiçi kümüş medala mynasyp boldy. Itekläp götermekde bolsa onuň görkezen netijesi 132 kilograma deň bolup, ol bu ugurda bäşinji orny eýeledi.

Ýeri gelende bellesek, Daşkentde geçirilýän ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna 29 ýurtdan 300-den gowrak türgen gatnaşýar. Yklym birinjiligi 14-nji awgusta çenli dowam eder. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) düzgünlerine laýyklykda, türgenler bir wagtyň özünde iki ýaş derejesinde— hem ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli), hem ýaşlaryň arasynda (20 ýaşa çenli) çykyş edip bilýärler.

Türkmenistanyň ýygyndy topary bu turnire 16 türgen bilen gatnaşýar. Olaryň ýedisi oglan, dokuz sanysy bolsa gyz türgenlerdir.