Turkmenportal logo
Şu gün 10:56
23522352
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Delfin» taýfunynyň Hytaýyň gündogar bölegine inmegi bilen, ol ýerden bir milliondan gowrak adam göçürildi

Hytaýda «Delfin» taýfuny sebäpli ýurduň gündogar welaýatlaryndan, şol sanda Şanhaýdan, bir milliondan gowrak adam gyssagly ýagdaýda göçürilmeli edildi. Tebigy hadysa Çžeszýan welaýatynda iki gezek kenara çykdy: güýçli şemally harasat ilki Ýuýhuan etrabyna, soňra bolsa Wençžou şäherine indi. Şol ýerlerde ýeliň tizligi sagatda 150 kilometre ýetdi — diýip, BBC habar berýär.

Taýfun ulag gatnawynda bökdençlik döretdi: diňe Şanhaýyň özünde 1400 awiakompaniýa uçar gatnawyny ýatyrmaga mejbur boldy. Öň yglan edilen iň ýokary howp derejesi duşenbe güni irden tropiki harasada çenli peseldildi. Şeýle-de bolsa, häkimiýetler çarşenbe gününe çenli güýçli ýagyşlaryň, suw joşmalarynyň hem-de ýer süýşmeleriniň bolmak howpunyň bardygyny duýdurýarlar.

Wençžou şäherinde takmynan 900 müň adam, Taýçžouda bolsa 390 müňe golaý adam ýaşaýan ýerlerinden gyssagly ýagdaýda çykaryldy. Şanhaýyň taryhy merkeziniň käbir köçelerini suw basdy, şäherdäki birnäçe syýahatçylyk desgasy, şol sanda «Disneyland» we «Legoland» dynç alyş seýilbaglarynyň käbir bölekleri ýapyldy. Deňiz tolkunlarynyň alyp giden dokuz ýaşly oglanjygyň dereksiz ýitendigi habar berilýär. Hytaýda adam ýitgileri barada resmi taýdan tassyklanan maglumatlar ýok.

Taýfun Hytaýyň çägine ýetmezinden öň Filippinleriň, Taýwanyň we Okinawanyň üstünden geçdi. Filippinlerde sekiz adam harasat sebäpli heläk boldy, 7 müňden gowrak ýaşaýjy bolsa halas ediş merkezlerinde ýerleşdirildi.