Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) guramaçylyk goldawy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti Hazar deňziniň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr ýük daşamalary boýunça sanly e-TIR ulgamy arkaly maglumat alyş-çalşygyny ýola goýdy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, Azerbaýjandan Türkmenistan arkaly Özbegistana ugradylan üstaşyr ýükler, şeýle hem Türkmenistandan Azerbaýjanyň çäginden geçip Türkiýe Respublikasyna ugradylan ýükler boýunça maglumatlaryň synag alyş-çalşygy üstünlikli geçirildi.
Bu başlangyç Ýewropa – Merkezi Aziýa halkara ulag geçelgesinde iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda üstaşyr awtoulag ýük daşamalary boýunça maglumatlary göni alyşmagyň ilkinji taslamalarynyň biri boldy.
Şeýlelikde, e-TIR ulgamy gümrük maglumatlarynyň elektron görnüşde hakyky wagt tertibinde alyşylmagyny üpjün edýär, kagyz resminamalarynyň dolanyşygyny ep-esli azaldýar, töwekgelçilikleri peseldýär hem-de gümrük amallarynyň has çalt ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.
Çeşmede bellenilişi ýaly, e-TIR ulgamynyň ornaşdyrylmagy «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitara arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.