Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 1-nji awgustdan başlap wisa almak üçin resminamalary tabşyrmak maksady bilen elektron ýazylyşyk ulgamyny synag tertibinde işledip başlar. Bu barada Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow 23-nji iýulda syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan brifingde mälim etdi.
Onuň beren maglumatyna görä, täze ulgam raýatlara internet arkaly kabulhana ýazylmaga we nobata durmazdan, bellenen wagtda gelmäge mümkinçilik berer. Elektron ýazylyşyk bilen birlikde, resminamalary tabşyrmagyň ozalky adaty tertibi hem saklanyp galnar. Ýagny ilçihana öňki görnüşden ýüz öwürmän diňe wagtyny tygşytlamak isleýänler üçin ony täze görnüş bilen doldurýar.
Ilçiniň belleýşi ýaly, bu ulgam, esasan ýygjam isleg bildirilýän döwründe raýatlary kabul etmegi tertipleşdirmäge niýetlenendir. Ýüz tutujylar nobatda köp wagtlap garaşyp oturmagyň ýerine, haýsy gün we sagatda barmalydygyny öňünden bilip bilerler.
Şol bir wagtyň özünde Alimow bu gurluşyň derrew işlemezliginiň we sazlamalary talap etjekdigini hem ýetirdi. Ilkinji döwürde guramaçylyk kynçylyklarynyň ýüze çykmagy mümkindir we raýatlaryň soraglary ulgamyň işledigiçe takyklanar. Şeýle-de bolsa, ilçihanada bu täzeligiň resminamalary kabul etmekdäki garaşmagyň wagtyny iň pes derejä ýetirjekdigine ynam bildirýärler.