Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy.
Nýu-Ýork şäherindäki Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu topar dünýäniň dürli sebitlerine wekilçilik edýän BMG-niň 30 agza döwletini birleşdirýär. Bu bolsa parahatçylygy, özara ynamy we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde bitaraplyk ýörelgelerine halkara goldawyň barha artýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary topary bitaraplyk syýasatyny amaly taýdan durmuşa geçirmek, öňüni alyş diplomatiýasy, araçylyk, ynamy pugtalandyrmak hem-de jedelleri BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda parahatçylykly ýol bilen çözmek meseleleri boýunça giň köpugurly dialogy ilerletmek üçin halkara meýdança bolup durýar.
Toparyň çäklerinde Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleriň derejesinde yzygiderli mejlisler, şeýle hem daşary işler ministrleriniň derejesinde her ýyl duşuşyklar geçirilýär. Bu duşuşyklar tejribe alyşmaga, halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär.