Turkmenportal logo
Şu gün 17:02
50665066
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RIA Nowosti: Türkiýäniň banklary we alyş-çalyş nokatlary ABŞ-nyň köne nusgadaky dollaryny gaýtadan kabul edip başlady

Türkiýäniň banklary we walýuta alyş-çalyş nokatlary ABŞ-nyň köne nusgadaky nagt dollaryny gaýtadan kabul edip başlady. Bu barada RIA Nowosti agentligi ýurduň Hökümetindäki çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Çeşmeleriň bellemegine görä, ýerli häkimiýetler ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin degişli çäreleri gördi we köne nusgadaky dollarlary kabul etmek bilen bagly mesele doly çözüldi. Olaryň sözlerine görä, syýahatçylar walýuta çalyşmakda hiç hili kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmaly däldir.

Şeýle-de bolsa, eger şunuň ýaly ýagdaý ýüze çyksa, agentligiň söhbetdeşleri meseläni çözmek üçin syýahatçylyk operatorlaryna ýüz tutmagy maslahat berýärler. Olar şeýle ýagdaýlaryň diňe seýrek we aýry-aýry ýerlerde duş gelýändigini hem-de ýurduň umumy ýagdaýyny görkezmeýändigini belleýärler.

Türkiýede ABŞ-nyň köne nusgadaky dollaryny kabul etmek bilen bagly kynçylyklar 2024-nji ýylyň güýzünde ýüze çykypdy. Şol döwürde käbir banklar we walýuta alyş-çalyş nokatlary galp pullaryň köpelmegi sebäpli şeýle dollarlary kabul etmekden ýüz öwrüpdi. Şondan soň ýurduň häkimiýetleri ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin degişli çäreleri durmuşa geçirip başladylar.