Türkmen mekdep okuwçylarynyň altysy 10–21-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşdy.
Olimpiadanyň jemleri boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş medala mynasyp boldy.
Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäherindäki 49-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow hem-de şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow gazandy.
Halkara bäsleşigine 119 ýurtdan zehinli okuwçylaryň 685-si gatnaşdy — diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.