Turkmenportal logo
Düýn 15:54
78267826
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we BMG sebitde öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşige gatnaşyjylar merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, sebit howpsuzlygyny, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ynanyşmagy we özara düýşünişmegi berkitmek üçin möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler. Sebit hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmäge, parahatçylyk medeniýetini hem-de dialogy öňe sürmäge, şeýle hem sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar şeýle hem geljekki bilelikdäki çärelere taýýarlyk görülmegi bilen bagly meseleleri hem-de BMG-niň howandarlygy astynda sebit maksatnamalarynyň we taslamalaryň çäginde hyzmatdaşlyga aýratyn garap geçdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.