Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionlygy ugrunda Argentina bilen Ispaniýanyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlanan badyna MetLife stadionynyň meýdançasynda ýüze çykan wakany derňemek üçin etika we düzgün-nyzam meseleleri boýunça prokurory belledi — diýip, bbc.com saýty habar berýär.
Duşuşyk Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýun tamamlanandan soň Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary we tälimçiler düzümi bilen Ispaniýanyň oýunçylarynyň arasynda dawa-jenjel ýüze çykdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu dawa Nauel Molina, Leandro Paredes, Týago Almada hem-de baş tälimçiniň kömekçisi Roberto Aýala gatnaşypdyr.
Ozal duşuşygyň baş emini Slawko Winçiçiň Leandro Paredesi gyzyl duýduryş bilen meýdançadan çykarylandygy habar berlipdi. Emma soňra bu karar ýatyryldy. FIFA-nyň tassyklamagyna görä, duşuşygyň dowamynda futbolça garşy hiç hili düzgün-nyzam çäresi görülmändir. Argentinanyň ýygyndysynyň ýene bir oýunçysy Enso Fernandes bolsa ikinji ýaryma goşulan wagtynda alan iki sary duýduryş sebäpli meýdançadan çykaryldy.
FIFA-nyň Düzgün-nyzam kodeksine laýyklykda, futbolçylaryň we wekiliýetiň agzalarynyň hereketleri adalatly oýun ýörelgeleriniň hem-de ahlak kadalarynyň bozulmagy hökmünde bahalandyrylyp bilner. Şeýle ýagdaýda aýry-aýry adamlaryň futbol bilen bagly işlerden wagtlaýyn çetleşdirilmegi, şeýle hem Argentinanyň futbol assosiasiýasyna (AFA) jerime salynmagy mümkindir.
Ozal FIFA Argentinanyň milli ýygyndysyna garşy mümkin bolan sanksiýalary ara alyp maslahatlaşypdy. Muňa ýarym finalda Angliýanyň milli ýygyndysyny ýeňenden soň futbolçylaryň Folklend adalarynyň kime degişlidigi baradaky ýazgy ýerleşdirilen banneri götermegi sebäp bolupdy.
Finaldan soň ýüze çykan waka boýunça derňewiň haçan tamamlanjakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.