S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary 22-nji iýundan 18-nji iýul aralygynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda okuw önümçilik tejribeligini geçdiler.
Tejribeligiň dowamynda goraghananyň ylmy bölüminiň müdiri A. Potaýewa hem-de kiçi ylmy işgäri A. Nuryagdyýewa talyplara goraghananyň alyp barýan işi, şeýle hem Türkmenistanyň tebigaty goramak baradaky kanunlary barada giňişleýin maglumat berdiler.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, tejribelige gatnaşyjylary goraghanada Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ekilen türkmen arçasy, adaty grek hozy, ülje, pisse, badam we beýleki agaçlaryň görnüşleri baradaky bilimlerini hem giňeltdiler. Şeýle-de olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen türkmen arçasynyň ýaýran çäklerini öwrendiler hem-de goraghanada ösdürilip ýetişdirilen ýaş nahallary tebigy gurşawa göçürip ekmek boýunça toplanan tejribe bilen tanyşdylar.