Turkmenportal logo
Düýn 14:34
85508550
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy zenan goragçy wezipesine işgär gözleýär

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy zenan goragçy wezipesine işgär kabul edilýändigini habar berdi. Bu wezipe boýunça işe kabul etmek 2026-njy ýylyň awgust aýynyň başyndan meýilleşdirilýär.

Wezipe-borçlaryň hataryna ilçihana gelýänleri girişde barlamak, degişli howpsuzlyk enjamlaryny ulanmak, şeýle hem nobatçy wezipesini ýerine ýetirmek, şol sanda gelip gowuşýan poçtany kabul etmek we barlamak girýär.

Dalaşgärden berk beden saglygy, dürli dartgynly ýagdaýlarda durnukly hereket etmek ukyby, edepli we ynamly özüni alyp barmak, tertipli daşky keşp, ýokary abraý, ygtybarlylyk hem-de gizlinligi berjaý etmäge taýýarlyk talap edilýär. Şeýle-de nemes ýa-da iňlis dilini azyndan A2 derejesinde bilmek hökmanydyr. Nemes dilini gowy derejede bilmek artykmaçlyk hasaplanýar. Mundan başga-da, howpsuzlyk ulgamynda iş tejribesiniň bolmagy hem goşmaça artykmaçlyk hökmünde göz öňünde tutulýar.

Iş hepdesi duşenbeden anna gününe çenli 40 sagatdan ybarat bolar. Zähmet hakynyň möçberi ilçihananyň işgärler tertibine laýyklykda kesgitlener.

Resminamalar 2026-njy ýylyň 24-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Dalaşgärler pasportyňky ýaly suratly gysga terjimehalyny, nemes ýa-da iňlis dilinde ýazylan işe bolan esaslanma hatyny, bilim we hünär kämilleşdiriş baradaky resminamalaryny, öňki iş ýerlerinden häsiýetnamalaryny (bar bolsa), şeýle hem hödürnamalaryny tabşyrmalydyrlar.

Resminamalar diňe PDF görnüşinde, göwrümi 8 MB-dan geçmeýän elektron bukja hökmünde info@aschgabat.diplo.de elektron salgysyna iberilmelidir. Ilçihana diňe doly resminamalar toplumy tabşyrylan ýüz tutmalara garajakdygyny aýratyn belleýär.